KONFIDENSIAL SYÝASATY

Bu “AK TAM BAZARY” web sahypasyny döretmegiň maksady, şahsyýetlere we edara görnüşli taraplara (ulanyjylara) kompaniýanyň işi barada zerur maglumatlary bermek we “AK TAM BAZARY” tarapyndan üpjün edilýän harytlar we hyzmatlar (önümler) barada maglumat bermekden ybarat. Saýtdaky maglumatlar esasan informasiýa maksatlydyr.

Bu sahypadaky ähli mazmun “AK TAM BAZARY”-nyň eýeçiligi bolup, ulanylýan awtorlyk hukugy kanunlary bilen goralýar. Şol sebäpli web sahypasy ulanyjylary mazmunyny şahsy we täjirçilik däl maksatlar üçin ulanyp bilerler. Sahypanyň mazmunyny beýleki ýagdaýlarda ulanmaga ýol berilmeýär.

Kompaniýa, bu sahypanyň mazmunyna haýsydyr bir üýtgeşmä, şeýle hem mazmunynyň soňraky köpelmegine ýol bermeýär.

Kompaniýanyň web sahypasynda beýleki web sahypalaryna baglanyşyklaryň bardygyny we bu ýagdaýda kompaniýanyň beýleki çeşmelerdäki maglumatlaryň gizlinligi üçin jogapkärçilik çekmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Kompaniýa, berýän şahsy maglumatlaryňyza rugsatsyz girmekden goramak ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin konfidensial syýasatyny islendik wagt üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.

BIZ NÄMÄNI KEPILLENDIRÝÄRIS?

“AK TAM BAZARY” ulanyjylarynyň şahsy durmuşy üçin jogapkärdir we her agzanyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine hormat goýýar.

Kompaniýa, Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda sizden alnan maglumatlaryň hiç haçan we islendik şertde üçünji taraplara siziň razylygyňyz bolmazdan berilmejekdigini kepillendirýär.

Kompaniýa, iberýän şahsy maglumatlaryňyzyň ulanylýan kanunlara laýyklykda işlenjekdigini kepillendirýär.

ÜÝTGEŞMELER WE TÄZELENMELER

Kompaniýa, saýtda zerur üýtgeşmeler girizmek, mazmunynyň islendik bölegini çalyşmak ýa-da ýok etmek we saýtda islendik wagt öz islegine görä girmegi çäklendirmek hukugyny özünde saklaýar.

Şeýle hem, kompaniýa, şahsy maglumatlaryňyza rugsatsyz girmekden goramak ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin Konfidensial ýörelgelerini islendik wagt üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.

SAHYPANY ULANMAGYŇ ŞERTLERI

“Ak Tam Bazary” sahypadaky materiallary asyl materiallardaky ähli awtorlyk hukugyny we beýleki eýeçilik maglumatlaryny saklasamak bilen diňe şahsy, täjirçilik däl maksatlar üçin görmäge we göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu saýtdaky materiallary üýtgedip, paýlap, islendik görnüşde görkezip, jemgyýetçilik ýa-da täjirçilik maksatly başga bir görnüşde ulanyp bilmersiňiz. Bu materiallary beýleki saýtlarda ýa-da kompýuter torlarynda ulanmak gadagandyr.

JOGAPKÄRÇILIKDEN BOÝUN GAÇYRMAK

Bu sahypadaky materiallar we hyzmatlar hiç hili kepilliksiz “bolşy ýaly” berilýär. “AK TAM BAZARY” sahypada hödürlenýän materiallaryň, programmalaryň we hyzmatlaryň takyklygyny ýa-da dolulygyny kepillendirmeýär. “AK TAM BAZARY” islän wagty platformada hödürlenýän materiallara we hyzmatlara, şeýle hem onda agzalan önümlere üýtgeşmeler girizip biler. Bu platformadaky materiallar we hyzmatlar könelse, “AK TAM BAZARY” olary täzelemegi öz üstüne almaýar. “AK TAM BAZARY” hiç hili ýagdaýda bu platformany ulanmagyň, ulanyp bilmezligiň ýa-da netijeleriň netijesinde ýüze çykan zyýan (şol sanda girdejiniň ýöne diňe onuň bilen çäklenmän, maglumatlaryň ýa-da işiň kesilmegi bilen) üçin jogapkärçilik çekmez.

SÖWDA SAHYPASYNDA REGISTRASIÝA BOLMAK

Saýtda hasaba durmak bilen, özüňiz we aragatnaşyk maglumatlaryňyz barada hakyky we takyk maglumatlary bermäge razylaşýarsyňyz.

Hasaba alynmagyň netijesinde ulanyjy ady we paroly alarsyňyz we olaryň howpsuzlygy üçin hem-de ulanyjy adyňyz we parolyňyzdaky ähli hereketler üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Hasaba alyş maglumatlary ýitirilen halatynda, bu barada bize habar bermäge razylaşýarsyňyz.

GAÝDYŞYN BAGLANYŞYK WE TESWIRLER

Biziň bilen habarlaşyp ýa-da sahypada teswirler goýup, bu habaryň bikanun, zyýanly, haýbat atýan, töhmet atýan, ahlagy bozýan, awtorlyk hukugyny bozýan, jyns, etnik, jyns, dini, sosial taýdan adamlara garşy ýigrenji we / ýa-da diskriminasiýa alamatlary, belli bir şahslara ýa-da guramalara kemsidilme elementleri öz içine almaýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyny başga bir görnüşde bozmaýandygyny öz boýunyňyza alýarsyňyz. “Ak Tam Bazary” habarlaryňyzyň islendik birini siziň razylygyňyz bolmazdan pozup we öz islegi boýunça mugt ulanyp biljekdigine ylalaşýarsyňyz. “AK TAM BAZARY” sahypanyň ulanyjylary tarapyndan iberilen maglumatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär.

HATLAR WE HABARLAR

“AK TAM BAZARY”, gaýdyşyn baglanyşyk forma arkaly harytlary ýa-da hyzmatlary sargyt etmek, sargytlary dolandyrmak, haryt bermek, hyzmatlar bermek arkaly iberen habarlaryňyza (haýyşlaryňyza we arzalaryňyza) jogap iberip biler. “AK TAM BAZARY” habarlaşmalary e-poçta, SMS habarlary, mobil priloženiýada, web brauzerinde bildirişler görnüşinde amala aşyryp biler. Saýtdaky degişli sazlamalar arkaly habar ibermegiň tertibine gözegçilik edip bilersiňiz.

“AK TAM BAZARY”, şeýle hem harytlar ýa-da hyzmatlar üçin mahabat we täjirçilik teklipleri barada maglumatlary öz içine alýan marketing hatlaryny (habarlar, mahabat kodlary we arzanladyşlar, şahsy teklipler, şahsy arzanladyşlar we teklipler) iberip biler. “AK TAM BAZARY” e-poçta, SMS habarlary, mobil priloženiýada, web brauzerinde habarnamalar görnüşinde maglumat we marketing hakynda size elektron hatlary iberip biler. Islän wagtyňyz – saýtdaky degişli sazlamalar arkaly maglumat we marketing hatlaryny almakdan ýüz öwürüp bilersiňiz.